GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi
18.04.2026

Türkmenistanda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berildi. Şu mynasybetli 17-nji aprelde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda geçirilen dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylap, onuň bilen bilelikde türkmen-hytaý aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Ýolugra bu ýerde guralan sergide halkymyzyň taryhyny we medeniýetini giňden beýan edýän amaly-haşam sungatynyň eserlerini, asyrlar aşyp gelýän milli däplerimiziň ajaýyp nusgalaryny synladylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we myhman bu ýerde “Galkynyşyň” dördünji tapgyryny özleşdirmek işlerinde ulanyljak ýöriteleşdirilen awtoulaglar, kuwwatly tehnikalar bilen tanyşdylar. Bu ýöriteleşdirilen tehnikalar häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy bilen tapawutlanýar.

Dabara mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan çykyş etdiler.

Bu ýerde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişiniň taryhy tapgyrlary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan wideoşekiller hem görkezildi. Wideoşekiller tamamlanandan soňra, türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyzdan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler.

Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp, şol ýazgy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýmak bilen, gurluşyga badalga berdiler.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy hem berildi.