GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Italiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi resmi taýdan wezipesine girişdi
15.04.2026

Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Martin Bruk Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Raşid Meredow ilçi Martin Bruky jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini tassyklamak bilen, taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň we saparlaryň ähmiýetini bellediler.

Söhbetdeşler türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi nygtaldy.

Döwletara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçen ýyl Rim şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar iki ýurduň öňdebaryjy işewür toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän işewürlik forumlaryny geçirmek tejribesini dowam etmegiň ähmiýetini hem bellediler.