GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mekdep okuwçylaryň arasynda matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça internet olimpiadasy geçirildi
15.04.2026

9-11-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça internet olimpiadasy geçirildi.

Olimpiada “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşmaga isleg bildiren jemi 744 sany okuwçy hasaba alyndy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersinden etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar hem bar.

Uniwersitetde işlenilip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly okuwçylaryň toplan ballary boýunça jemi 189 şahsy ýeňijiler kesgitlendi. Olar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Internet olimpiadanyň ikinji tapgyry 25-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sagat 10:00-da geçiriler.