GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Yslamabatda Türkmenistanyň söwda-eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berildi
10.04.2026

Yslamabatda Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary, nebit önümleri, dokma we oba hojalyk harytlarynyň eksporty esasynda ýokarlanýan söwda-eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berildi.

Baş sekretar Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky Lahor söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamow ýurduň hökümet ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi. Bu özgertmeleriň daşary söwdanyň ösmegine we Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine has işjeň gatnaşmagyna uly itergi berýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri iki ýurduň işewürlik jemgyýetleriniň arasyndaky iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmek we täze mümkinçilikleri öwrenmek maksady bilen, Ilçihana bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Taraplar şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän we dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe telekeçileri bir ýere jemleýän halkara işewürlik forumlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.