GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
10.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 9-njy aprelde geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny we tip I-Soekstrudirlenen gaplama örtügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň telekeçileri we «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180», «SN-350» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny hem satyn aldylar. Özbegistanly telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikler baglaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 9-njy aprelde geçirilen birža söwdalarynda birinji hilli bugdaý uny we pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygy ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 30 714 000,00 manada we 3 097 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 20 geleşik baglaşyldy.