GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersiteti aprel we maý aýlarynda "Açyk gapylar günlerini” geçirýär
10.04.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümleriň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary "Açyk gapylar günlerine” çagyrýar.

“Açyk gapylar günleri” 22-nji aprelde hem-de 6-njy maýda Aşgabatda hem-de uniwersitetiň Balkanabat bölüminde geçiriler. Başlaýan wagty: sagat 15:00.

Myhmanlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler bilen tanyşdyrylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabatdaky salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-13-05, 39-13-18.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheri, G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 4-93-62, 2-19-98.

Elektron salgysy: iuog@sanly.tm

Web-saýt: https://iogu.edu.tm/