GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy: gün tertibinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk
09.04.2026

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Awstriýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ekologik talaplara laýyk getirmegi maksat edinýändigini nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, uglerod zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk durnukly geljegiň bähbidine bilelikdäki işler üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Awstriýa Respublikasyna sapary dowam edýär.