GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan halkara energetika gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
09.04.2026

Türkmenistan 31-nji martdan 2-nji aprel aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen “Offshore Technology Conference Asia 2026” (OTC Asia) halkara maslahatyna we sergisine gatnaşdy.

Maslahatyň çäklerinde pudaklaýyn guramalaryň, bilim edaralaryň we okuw merkezleriň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Malaziýanyň nebitgaz kompaniýasy bolan PETRONAS bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Petronas-yň Uniwersitetiniň (“Universiti Teknologi PETRONAS” (UTP)), Malaýziýanyň Nebitçi-inženerler jemgyýetiniň hem-de Malaýziýanyň nebitgaz we energetika hyzmat kompaniýalarynyň geňeşiniň wekiliýetleri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we durnukly halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Halkara hyzmatdaşlar Aşgabat şäherinde geçiriljek iri energetika çärelerine gatnaşmak üçin çagyryldy. Olaryň hatarynda TESC 2026 halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Türkmenistanyň nebit we gazy – OGT 2026” atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi bar. Bu çäreler OTC Asia-nyň dowamynda başlanan dialogyň dowamyna öwrülip, ony tehnologiýa alyş-çalşy, amaly okuw we ylym bilen senagatyň hyzmatdaşlygy ugrunda anyk netijelere öwürmäge mümkinçilik döreder.

“Offshore Technology Conference Asia 2026” (OTC Asia) halkara maslahatyň esasy temasy durnukly we utgaşdyrylan energetika ulgamyny döretmegiň zerurlygy boldy. “PETRONAS”-yň Prezidenti we Baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammad Taufik öz çykyşynda innowasion tehnologiýalaryň ösüşi çaltlaşdyrmakda, energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda hem-de energetika zynjyry boýunça integrasiýany güýçlendirmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Çäräniň dowamynda deňizdäki känleri özleşdirmek, sanlylaşdyrma we durnukly ösüş boýunça giň gerimli çözgütlere aýratyn üns berildi.

OTC Asia ýaly iri halkara çärelerine gatnaşmak Türkmenistan üçin öňdebaryjy ofşor tehnologiýalaryna, sanly çözgütlere we dünýä tejribesine giň ýol açýar. Şeýle hem bu hyzmatdaşlyklar hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak we adam kapitalyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Dünýä energetika ulgamynyň üýtgeýän şertlerinde Türkmenistan halkara meýdançalarda işjeň çykyş edip, strategiki hyzmatdaşlygyny yzygiderli güýçlendirýär hem-de özüni ygtybarly we geljegi uly energetika hyzmatdaşy hökmünde dünýä derejesinde görkezýär.