GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepde birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
06.04.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. 
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny we «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. 
Daşarky bazarda Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D382 BF» kysymly polipropileni satyn aldylar. 
«SN-600» kysymly polipropilen içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi. 
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy, dokma önümleri, birinji hilli bugdaý uny, nah ýüplügi, tehniki kükürt, buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi.