GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatdaky «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergisine awtoulaglar üçin çalgy ýaglaryny, suwuklyklary öndürýän kompaniýalar gatnaşýar
03.04.2026

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda ilkinji gezek “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergisi geçirilýär.

Sergä Türkmenistanyň we daşary döwletleriň iri kärhanalarynyň 100-e golaýy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar.

Olaryň hatarynda ulag-logistika, dürli çäreleri guramak ulgamynda hyzmatlary hödürleýän, dürli çäreleri guramak ulgamynda hyzmatlary hödürleýän, awtoulaglar üçin çalgy ýaglaryny, suwuklyklary öndürýän kompaniýalaryň gatnaşýandygyny hem bellemek gerek.

Şeýle hem köpugurly sergide elektron enjamlary, mebelleri, plastmas, polipropilen, haly önümlerini, aýakgap öndürýän kärhanalar öz önümlerini görkezýärler.

Türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrýarlar, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gatnaşýarlar.