GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Energiýa serişdeleriniň ygtybarly üpjünçiligi Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy
03.04.2026

2-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.

Öz çykyşynda wise-premýer esasy ünsi energetika hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňemegine çekdi. Şunda energiýa serişdeleriniň ygtybarly we diwersifikasiýalaşdyrylan üpjünçiligini ýola goýmagyň zerurlygy nygtaldy.

Nökerguly Atagulyýew döwletleriň halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi ilerletmek we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem wise-premýer söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum hyzmatdaşlygyny we senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň, şeýle-de ulag-logistika düzümini kämilleşdirmegiň, şol sanda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgelerini, Hazarüsti we Lapis Lazuli ugurlaryny ösdürmegiň zerurlygyny belledi.

Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygy doganlyk türki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türki döwletleriň guramasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen degişli çözgütler kabul edildi.