Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Muzeýe amala aşyrylan bu gezelenç geljekde nebitgaz pudagynda zähmet çekjek hünärmenlerini ýurduň baý medeni mirasy we milli däp-dessurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.
Talyplar dürli göller, reňkler we dokma usullary bilen tapawutlanýan türkmen halylary bilen tanyşdylar. Müzeýiň ekspozisiýalary türkmen senetçileriniň ussatlygyny, olaryň milli medeniýeti gorap saklamadaky goşandyny açyp görkezdi.
Talyplar ekspozisiýalary gyzyklanma bilen öwrenip, sorag berdiler we däp bolan sungatyö aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle çäreler ýaşlarda milli mirasa bolan buýsanjy, watansöýüjilik duýgularyny we medeni özboluşlylygy artdyrýa, şeýle hem talyplaryň dünýägaraýşyny giňeldýär.







