Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Aşgabatda açylan «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara Gutlag hatyny ýollady.
Hatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda yzygiderli guralýan sergiler, işewürlik maslahatlary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä giňden tanatmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän bu köpugurly halkara serginiň täze işewürlik mümkinçiliklerini döredip, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
"Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýany we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanda halkara sergiler, ylmy maslahatlar, işewürlik duşuşyklary giň gerimde geçirilýär. Bu bolsa dünýä ýurtlary bilen bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Bu giň möçberli halkara sergi hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki hereketleri ýola goýmaga itergi berer" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.







