GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz uniwersiteti halkara maslahatyň bölümçeleriniň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi
02.04.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary: gazanylan üstünlikler, meseleler, innowasiýalar (IKT-2026)” atly IV halkara ylmy-amaly maslahatyň bölümçeleri geçirildi.

Çäre Belarus Respublikasynyň Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersiteti bilen 2017-nji ýylda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda geçirildi. Maslahata iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplary, daşary ýurt kompaniýalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Halkara derejedäki bu maslahatyň esasy maksady häzirki zaman tehnologiýalarynyň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini seljermekden we maglumat tehnnologiýalary boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Bellenilişi ýaly, häzirki zaman okuw merkezleriniň multimedia enjamlary we iň täze programma üpjünçiligi bilen üpjün edilmegi dünýä derejesindäki hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Emeli aň uly maglumat gorlaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanyp, prosessleri netijeli seljerip, çylşyrymly robototehnika ulgamlaryny dolandyryp bilýär. Gatnaşyjylar şeýle tehnologiýalaryň gündelik durmuşda we önümçilikde girizilmeginiň köp sanly meseleleriň çögüdini aňsatlaşdyrmak hem-de ylym üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.