GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary zehinli okuwçylar bilen taýýarlyk okuwlaryny geçdiler
01.04.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň tejribeli mugallymlary zehinli okuwçylara ýazky dynç alyş günlerinde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň binýadynda taýýarlyk okuwlaryny geçdiler.

Taýýarlyk okuwlary Türkmenistanyň bilim ministriniň 2026-njy ýylyň martyndaky «Halkara olimpiadalara mekdep okuwçylaryny taýýarlamak hakynda» degişli buýrugyna laýyklykda fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa we astronomiýa okuw dersleri boýunça geçildi. Olara Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan saýlanan 8-12-nji synplaryň zehinli okuwçylarynyň 63-si gatnaşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň tejribeli mugallymlary bilen bilelikde sapaklary Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary geçdiler.