GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
31.03.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyplaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu duşuşyk ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk kadalary, ýaşlaryň hukuklary we borçlary barada, esasan-da, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns çekildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem öz çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyzyň, maşgala mukaddesliginiň we ahlak terbiýesiniň ähmiýetini nygtadylar.