Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Içerki bazarda türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni, «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny, soekstrudirlenen gaplama örtügini, peç ýangyjyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda «A-92» kysymly ulag benzini we «SN-180» kysymly başlangyç ýagy ýerlenildi.
«TPP D 30 S» kysymly polipropilene we «SN-600» kysymly başlangyç ýagyna içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirildi. Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri işjeňlik görkezdiler.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýeňil senagatynyň önümlerini, «B» kysymly karbamidi, nah ýüplügi, dokma önümlerini, 1-nji hilli bugdaý ununy, «SN-200» kysymly regenirlenen başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.







