«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada wise-premýer Guwanç Agajanowyň 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisindäki hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, seýsmiki barlag işlerini döwrebap enjamlaryň kömegi bilen geçirmek, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak üçin türkmen geologlary tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu işleriň netijeliligini has-da artdyrmak babatda korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler baradaky hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak hem-de özleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gözleg-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.







