GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türk­me­nis­tan bilen Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny beýan etdiler
27.03.2026

Aşgabatda Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da kö­pu­gur­ly dia­lo­gy gi­ňelt­me­giň çäk­le­rin­de “Öza­ra bag­la­ny­şy­gy ös­dür­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bo­ýun­ça tä­ze göz­ýe­tim­ler” at­ly işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.

De­giş­li eda­ra­la­ryň we­kil­le­ri, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry öz çy­kyş­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze gu­ral­la­ry­ny dö­ret­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di­ler. Hu­su­san-da, äh­lu­mu­my söw­da gi­ňiş­li­gi­ne go­şu­lyş­ma­gyň, mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri hal­ka­ra stan­dart­la­ra uý­gun­laş­dyr­ma­gyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di.

Fo­ru­myň bi­rin­ji mej­li­si söw­da­ny we ma­ýa go­ýum­la­ry ös­dür­mek üçin işe­wür­lik gur­şa­wy­ny kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­si­ne ba­gyş­lan­dy. Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry kä­mil­leş­dir­me­giň, te­le­ke­çi­li­giň hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ag­za bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le çy­kyş­lar­da aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de bol­dy. Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, mu­nuň özi da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry çek­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açyp, se­na­gat pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti