Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 26-njy martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda özbegistanly telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri agzalan konsern bilen «A-92» kysymly ulag benzinini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar, Gruziýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn aldylar.
Şeýle hem daşarky bazarda «B» kysymly karbamid we nah ýüplük ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 120 million manada we 306 million 867 müň 50 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.







