GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň önümçiligi artýar
27.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň senagat kärhanalarynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň önümçiligi aýratyn guwandyryjy görkezijilere eýe bolýar.

Ýylyň başyndan bäri welaýatda bu gymmatly önüm geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,6 esse kän öndürilip, 16 müň tonna golaýlady. Şeýlelikde, ösüş depgini 11,5 tonnadan hem geçdi.

Nebitgaz önümçiliginiň beýleki görnüşleri boýunça-da öňegidişlikleriň bardygyny aýtmak gerek. Welaýatda dizel ýangyjyny öndürmekde 5, benziniň önümçiliginde 2,1 göterim ösüş gazanyldy.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti