Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty nebitgaz senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara energetika ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna, energiýa serişdelerini gazyp almagyň we ulanmagyň has netijeli, ekologik taýdan arassa usullaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýan täze tehnologiýalaryň döredilmegine gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy, türkmen tebigy gazynyň daşarky bazarlara iberilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda täze infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy, amala aşyrýan maýa goýum syýasaty onuň halkara şertnamalara, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, döwleti ösen derejelere çykarmaga niýetlenip düzülen milli maksatnamalara ygrarly bolup galýandygyndan habar berýär. Döwletiň içeri we daşary syýasatyndaky durnuklylyk dünýä döwletleriniň maýa goýujylaryny ýurdumyza çekmekde aýgytly orun eýeleýär. Şonuň netijesinde bu gün nebitgaz pudagyny ösdürmekde daşary ýurt maýalaryndan üstünlikli peýdalanylýar. Häzirki döwürde Türkmenistan gazy we nebiti gaýtadan işlemek boýunça öz mümkinçiliklerini işjeň özleşdirýär. Bu bolsa geljekde ýurduň ykdysadyýetinde uglewodorodlaryň eksportyndan alynýan peýdanyň has hem artjakdygyny görkezýär.
Hawa, täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmak we özleşdirmek, çykarylýan nebitiň möçberini ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň hasabyna nebit senagatynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagy netijeli ösdürilýär. Içerki bazary üpjün edýän, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny emele getirýän önümçiligiň möçberini we görnüşini artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman dünýäsinde dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň energetikanyň durnuklylygyna baglydygyny, energetika üpjünçiligini syýasy bähbitlere hyzmat etdirmeli däldigini, gaýry ýagdaýda hiç bir döwletiň howpsuz bolup bilmejekdigini nygtaýar. Türkmenistan BMG-niň belent münberinden energiýa serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegi baradaky başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan we 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda hem-de 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamalar döwletimiziň bu ugurdaky diplomatik üstünliginiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasynyň netijesidir. 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň kabul eden «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamasy bolsa ählumumy energetika howpsuzlygynyň binýadyny has-da berkidýär.
Türkmenistandaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, kemala getirilen degişli kanunçylyk binýady daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiliginiň barha artmagynyň möhüm şertidir. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit ýataklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmäge hem aýratyn üns berilýär.
Mälim bolşy ýaly, nebit himiýa senagatynyň möhüm binýady bolup durýar. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýag serişdelerini, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar. Tehniki we durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýan türkmen polietileni ýokary islegden peýdalanýar. Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, polietilen has berkligi, mäkämligi, gatylygy, himiki durnuklylygy, dielektrik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam, tikinçilik, mebel önümleri, awtomobil, durmuş tehnikalary üçin şaýlar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin zerur serişdeler taýýarlanylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebitgaz senagatynyň gerimini giňeltmekde wajyp orny eýeleýär. Netijede, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, ýokary oktanly awtoulag benzininiň, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan gazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň, polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçilikleri ýola goýuldy. Täze tehnologiýalarydyr usullary peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzda nebiti, gazy çykarmagyň ýokary depginini üpjün etmekde tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň möhümdigini bellemek gerek. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik ölçegleriň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri döretmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly-da turuwbaşdan üstünliklere beslenýär. Geçen ýylda öňde goýlan tabşyryklaryna abraý bilen hötde gelen önümçilik kärhanalarynyň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem mynasyp orny bar. Toplumyň hünärmenleridir işçileri geçen ýylyň tutuş dowamynda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde aýratyn netijelilik görkezdiler.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän kuwwatly desgalaradyr kämil tehnologiýalara eýe bolan bu döwrebap senagat kärhanasynda işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Zawodlar toplumynda ähli işleriň bütinleý diýen ýaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylmagy hünärmenlerdir işçileriň öňde goýlan meýilnamany artygy bilen berjaý etmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Sazlaşykly tagallalaryň netijesinde, toplumda geçen ýylda turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowşan «gara altynyň» 4 million 955 müň 700 tonnasy gaýtadan işlenilip, bu babatda 107,9 göterim ösüş gazanyldy. Dürli görnüşli benziniň 1 million 484 müň 900 tonnasy, kerosiniň 434 müň, dizel ýangyjynyň 1 million 539 müň 800, suwuklandyrylan gazyň 124 müň 200, polipropileniň 57 müň 600, çalgy ýaglarynyň 54 müň 100, nebit bitumynyň bolsa 458 müň 400 tonnasy öndürildi.
Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bolan bu desgada oturdylan tilsimatlardyr enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, onda hünärmenleriň onlarçasy gije-gündiz gowşamaýan depginde zähmet çekýär. Olaryň polipropilen önümçiligini awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmaklary öňde goýlan meýilnamalara abraý bilen hötde gelmäge oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan nebitgaz toplumyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyryp, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, işewür düzümleri bilen ynanyşmaga, hormata we özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Döwlet Ataýew,
«Türkmennebit» DK-nyň "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnalynyň redaksiýasynyň sanly habarlar bölüminiň IT hünärmeni.







