Türkmenistan bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygynda ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlyga 20 ýyl dolýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň barşynda aýtdy. Aýratyn ynanyşmak ýagdaýynda geçen bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň Ýewraziýada durnuklylygyň arhitekturasyny kesgitleýän hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi boldy.
Bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde halklaryň arasynda energetika köprüsi bolup çykyş edýän asyryň taslamasy — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi durmuşa geçirildi.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri “CNPC-niň” direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek boýunça anyk işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu käniň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselä aýratyn üns berildi. Bu taslama türkmen mawy ýangyjynyň gündogar ugur boýunça eksportyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalaryň diňe bir ykdysady däl, eýsem, durmuş ugurly ähmiýeti hem bar. “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “CNPC” bilen hyzmatdaşlygyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi. Bu forum tehnologik tejribe alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüler.
Sebit gün tertibiniň meseleleri babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan bu taslama sebitiň logistika ulgamynyň üstüni ýetirip, Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa kommunikasiýalarynyň wajyp merkezine öwürýär.







