GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan bilen Uganda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekligi ara alyp maslahatlaşdy
25.03.2026

Türkmenitan we Uganda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegine, hususan-da, oba hojalygy, nebitgaz ulgamy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin platformany döretmekligi meýilleşdirýärler.

Bu meselä 24-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda geçirilen duşuşykda garaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklara we saparlara aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbandjiniň 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagynyň, şeýle hem uganda wekiliýetiniň 2025-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen beýleki halkara çärelere gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtap, taraplar Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyryny 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirmäge bolan özara gyzyklanmasyny tassykladylar.