«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada nebit-gazly käninde 75-nji ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Tagangeldi Amanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň hünärmenleri bu täze guýynyň Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ – 70 – DB» kysymly buraw desgasynda amala aşyrylan gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, meýilnamany bellenilen möhletinde tamamlamagyň hötdesinden geldiler. Taslama çuňlugy 6 müň 800 metre deň bolan bu täze guýuda özleşdirme işleri geçirilip, nebit we gaz kondensatynyň bol akymy alyndy.
— Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatyna berýän yzygiderli aladasy netijesinde daşary ýurtlardan satyn alynýan kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylarymyz tehniki-sazlaýyş işleri üstünlikli tamamlanan bu täze guýyny «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berdiler. Häzirki wagtda bu guýy bir gije-gündizde 91,7 kub metr nebit we gaz kondensatyny berýär.
Şu günler burawlaýjylarymyzyň Uzynada hazynalar ojagynda gazuw işlerini ýokary depginlerde alyp barýan guýularynyň sany üçe ýetýär. Kämil buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga ýardam berýär.
Hünärmenlerimiz şu günler has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, Barsagelmez, Günorta Bugdaýly, Atjan, Altyguýy, Ekizak ýaly baýlyk känlerinde gaýratly zähmet çekýärler. Olar döwrebap zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar — diýip, «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň baş geology Ýegenmyrat Hallyýew buýsanç bilen aýtdy.







