GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gahryman Arkadagymyz hytaý tarapyny Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy
20.03.2026

19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi.

Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, “Equuleus” halkara atçylyk toplumynyň wekilleri mähirli garşyladylar. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny dünýäniň ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan şahsyýet hökmünde mübäreklediler. Soňra hytaý tarapynyň wekilleri Milli Liderimizi toplum bilen tanyşdyrdylar.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda sazandalar topary hytaý saz gurallarynda milli sazlary ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyz sazandalara çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, olary Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga ýurdumyza çagyrdy.

Ýolugra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen halyny synlady. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyna atlaryň gezim etdirilişi we hytaý tohum itleri görkezildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumda atlaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapynyň wekilleri toplumyň sport atlaryny taýýarlamak we halkara ýaryşlary guramak boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde ahalteke atlaryny synlady. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny bellediler. Bu usulyýet ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamakda esasy şertleriň biridir.

Hormatly Arkadagymyz türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbine eýerip, bu ýerde behişdi ahalteke bedewiniň boýnuna alaja daňdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň dolandyryş binasynda ýaýbaňlandyrylan sungat eserleriniň sergisini synlady. Serginiň ekspozisiýasy ahalteke bedewiniň dünýä medeni mirasynda eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezýär. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.
“Equuleus” halkara atçylyk toplumynyň esaslandyryjysy hanym Wan Szýan duşuşygy açdy we türkmen halkynyň Milli Liderine topluma gelip görendigi üçin hoşallyk bildirip, uly hormat bilen söz berdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine dostluk sapary bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, Hytaýa şu gezekki saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşmaga şatdygyny aýtdy.

"12 ýyl mundan ozal, özara dostlugyň nyşany hökmünde HHR-iň Başlygy Si Szinpine ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini bellemek isleýärin. Şu gezekki saparymyzyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gadyrly atly ahalteke atyny sowgat hökmünde gowşurdyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we 12 ýyl mundan ozal sowgat berlen ahalteke bedewiniň şol geçen döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň özboluşly nusgasy bolandygyny nygtady.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň adyndan HHR-iň Başlygyna sowgat berlen ahalteke bedewiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, atşynaslyk we ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada durup geçdi.

“Taryhdan belli bolşy ýaly, şeýle ajaýyp bedewiň kemala gelmeginde türkmen tebigatynyň, hususan-da, dag howasynyň, çeşmeleriniň orny uly bolupdyr. Şu ýerde ýene bir zady bellemek isleýärin. Ahalteke atlarynyň gadymy mekanynda Arkadag şäherini bina etdik. Taryhy maglumatlara görä, Parfiýa zamanynda hytaý ilçisiniň köp sanly türkmen atlylary tarapyndan garşylanylmagy onda uly täsir galdyrypdyr. Şol döwür hytaý imperatoryna ajaýyp ahalteke bedewi sowgat hökmünde iberilipdir. Bu bedewiň gözelligi ahalteke atlarynyň Hytaýda “asman atlary” diýlip atlandyrylyp başlanmagyna getirýär. Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy ýerleşýär. Onuň golaýynda biz atşynaslar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny bina etdik. Arkadag şäherinde bolsa Halkara atçylyk akademiýasy açyldy. Dünýä meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň 6 gezek çempiony boldy. Bu toparyň düzüminde 20-ä golaý çapyksuwar bolup, olar, esasan, at üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän ussatlardyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

“Biz ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şanyna iki gezek baýramçylyk dabarasyny geçirýäris. Olaryň biri, ýagny Türkmen bedewiniň milli baýramy öňümizdäki aýyň soňky ýekşenbesinde geçiriler. Ahalteke bedewine bagyşlanan beýleki dabaralar — at çapyşyklary, sergiler bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň çäklerinde guralýar. Biz ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretdik. Öz wagtynda men bu assosiasiýanyň Prezidenti boldum. Häzirki wagtda onuň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzda ahalteke atlary bilen bir hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz alabaýlaryň beden gurluşy, güýç-kuwwaty bilen tapawutlanýandygyny we isleg bildirýänleriň Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza bolup biljekdiklerini aýdyp, hytaý tarapyny Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy. “Bu baýramçylygyň çäklerinde guraljak ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap, sentýabr aýynda hem geçirip bolar. Şol maslahatyň çäklerinde isleg bildirýänler bu assosiasiýanyň agzasy bolup bilerler. Arkadag şäherinde myhmanlar üçin bedewlere bagyşlanan giňişleýin tanyşlyk gezelenji guralar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini sentýabr aýynda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany bolmaga çagyrdy.

“Bu biziň umumy baýramymyzdyr. Dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewlerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi we bu täsin bedewleri ösdürip ýetişdirmek we wagyz etmek ugrunda alyp barýan işleri üçin hytaýly atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.

Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofeng Milli Liderimize Hytaýyň ähli atşynaslarynyň adyndan hoşallyk bildirip, bilelikde ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.