GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda daşarky bazarda nebit önümleri ýerlenildi
20.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy martda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça jemi bahasy 11 million 693 müň 700 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy.

Daşarky bazarda Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Özbegistanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.