GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebit we dokma önümleri birža söwdalarynda daşarky bazarda satyn alyndy
19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji martda geçirilen birža söwdalarynda jemi 779 710,00 ABŞ dollaryna deň bolan alty geleşik baglaşyldy.

Daşarky bazarda Owganystanyň, Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem daşarky bazarda Azerbaýjanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri türkmen işewürlerinden dokma önümlerini satyn aldylar.