17-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Hytaýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Parlamentara hyzmatdaşlyk, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Hormatly Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem bu ählumumy başlangyçlar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we milli medeni mirasymyzy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady.
Geljege nazar aýlamak bilen, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny ynam bilen aýtmak bolar.
...Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki dostlukly sapary gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.







