Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 17-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Tip I-Soekstrudirlenen gaplama örtügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Gyrgyzystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň telekeçilerinden dokma önümlerini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 1 million 720 müň manada we 138 müň amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.







