GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Тürkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri birža söwdalarynda nebit önümlerini satyn aldylar
17.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16-njy martda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebit önümlerini satyn almak boýunça hem geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda türkmen işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

«TPP D 30 S» kysymly polipropilen içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi. Daşarky bazarda oňa Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri tarapyndan isleg bildirildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 24 531 400,00 manada we 1 277 680,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.