16-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri amala aşyrylýar. Pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gögeriş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, häzirki zaman ekerançylygynda agrotehnikanyň talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaga, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew çykyş etdi we ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil, geriş çekmek, Daşoguz welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ideg işlerini ýokary hilli geçirmek, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görüp, bu çäräni ýokary derejede geçirmek babatda tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.







