GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
16.03.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu duşuşyk ýaş nesliň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirildi.

Çykyş edenler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk kadalaryna eýermegiň, jemgyýetçilik tertibini saklamagyň, şeýle hem bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň wajypdygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler barada bellenilip geçildi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine döredip berýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.