GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
14.03.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, 7-nji martda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sarpalamak dabarasy geçirildi, şeýle hem 7-8-nji martda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde “Ene mähri” adyna eýe bolan zenanlaryň birnäçesine döwrebap öýleriň açarlary gowşuryldy. Dabaralara gatnaşanlar ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň adyndan Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy, mynasyp zähmet çekmegi babatda döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hasabat döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirilip, milli kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň dokuzynjy parlamentara duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de kanun çykaryjylyk, parlament işi boýunça özara tejribe alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra gözegçilik edýän toplumlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hasabatlary diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow teklipleri goldady we wise-premýerlere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.