«Yhlasly Nazar» hususy kärhanasy «ALFA» haryt nyşanly motor ýaglarynyň önümçiligini giňeldýär. «Rysgal» gazetiniň habar bermegine görä, kärhana dürli görnüşli hereketlendirijiler we tehnikalar üçin niýetlenen motor ýaglarynyň dürli görnüşlerini öndürýär. Önümleriň hatarynda SAE 20W50, SAE 15W40, SAE 60, ýarym sintetiki 10W40, doly sintetiki 5W30 we 5W40 ýaglary, awtomatiki geçiriş gutulary üçin ATF II we ATF III ýaglary, gidrawlik ýaglar ISO VG-68 HM we ISO VG-46 HM, şeýle hem SAE 40, GEARTEC MULTI 80W90 we kompressorlar üçin ýörite ýaglar bar. Olaryň ählisi paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda satylýar.
Kärhananyň direktory Gulmyrat Gurbanmyradowyň sözlerine görä, «ALFA» motor ýaglary howanyň temperaturasynyň üýtgemelerine çydamly bolup, hereketlendirijini könelmekden we poslamakdan goraýar. Şeýle hem olar adatdan daşary ýagdaýlarda hereketlendirijiniň durnukly işlemegine ýardam berýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda alnyp barylýan önümçilik işlerinde ABŞ-nyň we Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de standartlary ulanylýar. Kärhananyň önümçilik kuwwaty sagatda 2 tonna çenli motor ýagyny öndürmäge mümkinçilik berýär, çig malyň esasy bölegi bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan satyn alynýar.
Häzirki wagtda kärhanada 23 hünärmen zähmet çekýär.
Öndürilýän ýaglaryň görnüşlerini giňeltmek we sarp edijileriň artýan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýakyn wagtda bazara täze görnüşli ýaglar çykarylar. Olaryň hatarynda güýçlendirilen «Green Formula» düzümli ýaglar hem-de SL kategoriýaly goýaldylan ýag bar.







