Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Abraýly dostlar» hususy kärhanasy polimer önümleri bazaryndaky ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Kompaniýanyň önümçilik kuwwatlyklary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýär.
"Rysgal" gazetiniň habar bermegine görä, kärhana «Polyyarn» haryt nyşany bilen ýokary hilli polipropilen sapaklaryny öndürýär we bu ugurda ýurdumyzyň öňdebaryjy öndürijileriniň biri hasaplanýar. Önümçilik ulgamy dört sany çekiji we towlaýjy modullar bilen enjamlaşdyrylyp, döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ýokary dykyzlykdaky hem-de berklikdäki sapaklary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Önümler üçin zerur bolan çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Kärhananyň ISO 9001, 10002, 14001 we 45001 halkara şahadatnamalaryna eýe bolmagy öndürilýän önümleriň ýewropa talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar.
Önümçilikde Awstriýanyň SML kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar, hil gözegçiligi bolsa Germaniýanyň ZwickRoell kompaniýasynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan barlaghanada we ýöriteleşdirilen synag merkezlerinde amala aşyrylýar.
Multifilament sapaklary torly örtükleriň, howpsuzlyk kemerleriniň, plastik turbalaryň, tanaplaryň, süzgüçleriň, haly önümleriniň we haltalaryň önümçiliginde giňden ulanylýar.
Häzirki wagtda kärhana öz önümlerini Türkiýä eksport edýär we geljekde eksport gerimini giňeldip, Ýewropa bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.







