GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi
11.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 10-njy martda geçirilen birža söwdalarynda "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri "Türkmennebit" döwlet konserni bilen "TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda gruziýaly telekeçiler "Türkmennebit" döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 10-njy martda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy we dokma önümleri ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 6 179 750,00 manada we 66 720,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.