GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
2026-njy ýylda Türkmenistanda nebitgaz pudagynda iri taslamalar durmuşa geçiriler
10.03.2026

13-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi we Maksatnamada 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Bu möhüm resminamada şu ýyl Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, pudaklara döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bellenilýär.

2026-njy ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we ykdysadyýetimiziň pudaklarynda belent sepgitlere ýetmek maksat edinilýär. Agzalan Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda geçirilmeli işleriň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň "Arkadagyň ak ýoly" ady bilen tanalýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de «Galkynyş» gaz käniniň birinji tapgyryna degişli ulanyş guýularynyň gazuw-buraw işleri meýilleşdirilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň çäginde nebitiň we gazyň täze ýataklaryny ýüze çykarmak hem-de gorlaryny artdyrmak maksady bilen çuň gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri göz öňünde tutulýar.

2026-njy ýyl üçin niýetlenilen Maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen görkezijilerden, önümçilik we maliýe meýilnamalaryndan hem-de çärelerden ugur alnyp işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ykdysadyýeti toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini üpjün etmek arkaly 2026-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini azyndan 6,3 göterim derejede saklamak meýilleşdirilýär.