“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Humaý Goýunlyýewa Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilen "Talyp gözeli-2026" bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda eminleriň iň ýokary bahasyna – Baş baýraga mynasyp boldy.
Birinji orny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Gülkamar Hakyjanowa, ikinji orny Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülzada Agarowa eýelediler. Üçünji orna bolsa Balkan lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Mahym Ataýewa mynasyp boldy.
Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşan ähli gyzlara Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar diňe bir daşky gözelligi däl, eýsem taýýarlygyň ýokary derejesini, artistlik ukyplaryny, ugurtapyjylygyny hem-de sahnada özüni ynamly alyp barmak başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat boldy — özüň bilen tanyşdyrmak, ýagny gyzyklanmalaryň, öňde goýan maksatlaryň we gazanan üstünlikleriň barada gürrüň bermekden başlap, milli lybaslaryň görkezilişine we türkmen tagamlaryny taýýarlamaklyga çenli.







