8-nji martda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.
Milli Liderimiz mähriban ene-mamalarymyzy, bagtyýar gelin-gyzlarymyzy, eziz uýalarymyzy, gyzjagazlary ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendiklerini nygtady. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. “Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň sözleri bilen aýtsak, biz enäni dünýäniň görki we durky hasaplaýarys. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
“Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasyny geçirýäris. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagyň asylly däbe öwrülendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz gelin-gyzlarymyzyň Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydygyny, öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydygyny nygtady we zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini tassyklady.
Milli Liderimiz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, gyzjagazlary, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.
...Soňra Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň hem gowşurylmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini has-da belende göterdi.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan gowşurylan baýramçylyk sowgatlary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edildi. Merkezde bejergi alýan çagalar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.







