GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda ýerli motor ýag önümçiligi artýar
05.03.2026

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda iş alyp barýan «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti «IMPEROL» we «Şir ýag» haryt nyşanly motor ýaglarynyň önümçilik möçberini artdyrýar.

Kärhana içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýarym we doly sintetik önümleri goşmak bilen, motor we çalgy ýaglarynyň 25 görnüşini öndürýär.

Zawodyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 20 müň tonna çenli bolup, esasy çig mal hökmünde Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri peýdalanylýar.

Taýýar önümler 1, 5, 20 we 25 litrlik plastik gaplara guýulýar.

Kärhanada öňdebaryjy daşary ýurt öndürijileriniň häzirki zaman enjamlarynda işleýän 150 hünärmen zähmet çekýär.

Häzirki wagtda kärhana goňşy ýurtlara eksportyny giňeldýär we geljekde önümçilik möçberini has-da artdyrmagy meýilleşdirýär.