GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde 8-nji Mart mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
05.03.2026

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugallymlara we talyp gyzlara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.

Dabaraly çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň has-da ýokarlanýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.