2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, sebitlerde dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatlarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny we ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine doly taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.







