GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň Balkan welaýatyndaky bölümleri ýokary görkezijileri gazanýarlar
03.03.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň Balkan welaýatyndaky bölümleri şu ýylyň geçen hasabat döwründe ýokary netijeleri görkezdiler. Esasan hem, Balkanabat toplumlaýyn geofiziki ekspedisiýasynyň gazanan zähmet üstünlikleri aýratyn bellärliklidir.

Ekspedisiýanyň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Olaryň şu döwürde ýerine ýetiren gözleg-barlag we geofiziki işleriniň möçberi 2 million 460 müň manatlyga golaý boldy. Bu bolsa göz öňünde tutulan meýilnamanyň 109,8 göterim berjaý edilendigini aňladýar.

«Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň ýerlerdäki bölümleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň işine mynasyp goşant goşýarlar. Burawlanan, şeýle hem gazuw işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek, zerur bolan çäreleri takyk amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleriň giň toplumy hut şu müdirligiň geofizikleriniň zähmetine bagly bolup durýar. Hünärmenler awtoulaglarda oturdylan göçme barlaghanalary, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlary netijeli ulanýarlar.