GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepde birža söwdalarynda nebit önümleri ýokary islege eýe boldy
02.03.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda "Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri ýokary islege eýe boldy.

Içerki bazarda peç ýangyjy, dürli kysymly polipropilen ýerlenildi. Dürli kysymly başlangyç ýaglary içerki we daşarky bazarlarda satyn alyndy.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda dokma önümleri, bugdaý uny, nah ýüplügi, 5 % ýoduň spirtdäki ergini, gazbeton bloklary, karbamid ýokary islege eýe boldy.