Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 27-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri ýerlenildi. Türkmen telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny we “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 2 930 000,00 manada we 2 936 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.







