Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda, 25-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde zenan talyplaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçirildi.
Çäre diňe bir gözelligi we näzikligi görkezmek üçin meýdança bolman, eýsem gatnaşyjylara özleriniň döredijilik ukyplaryny, öňdebaryjylyk häsiýetlerini hem-de özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.
Bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Oňa döredijilik çykyşlary, milli lybaslaryň görkezilişi hem-de türkmen milli tagamlarynyň taýýarlanylmagy girdi.
Bäsleşigiň eminler topary gatnaşyjylaryň diňe bir daşky keşbine däl, eýsem özüne çekijiligine, sahnada özüni alyp barmak başarnyklaryna we özüni beýan etmek ukyplaryna hem baha berdi.
Bäsleşigiň ýeňijisi uniwersitet boýunça «Talyp gözeli – 2026» diýen ada mynasyp boldy, gymmatly sowgatlar bilen sylaglanyldy hem-de ýokary okuw mekdebiniň adyndan bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy.







