GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitgazçykaryş» tresti önümçilik meýilnamasyny 107,69 göterim ýerine ýetirdi
27.02.2026

«Nebitgazçykaryş» trestinde şu ýylyň geçen hasabat döwründe nebit çykarmak boýunça meýilnama 107,69 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde trestiň nebitçileri tarapyndan 334 müň 210 tonna golaý nebit alyndy.

Zähmet üstünliklerinde «Goturdepenebit», «Nebitdagnebit», «Gamyşlyjanebit», «Gumdagnebit», «Galkynyşnebit», «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň mynasyp goşandy bardyr. Trestiň merdana nebitçileri, esasan hem, ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitlerindäki «Nebitlije», «Günorta Gamyşlyja», «Gögerendag», «Uzynada», şeýle hem «Keýmir», «Akpatlawuk», «Altyguýy», «Körpeje», «Guýjuk» we beýleki özleşdirilen nebitli we gaz kondensatly guýularda uglewodorod çig malyny gazyp almakda aýratyn işjeňlik görkezdiler.