GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Owganystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlady
26.02.2026

Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat ýollady. Onda goňşy ýurduň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy, ähli türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

"Mübärek Oraza aýy tutuş musulman ymmatynyň jebisligini we raýdaşlygyny alamatlandyrýar. Bu günlerde dünýäniň ähli musulmanlary özlerini haýyr-sahawata, sogap işlere bagyşlaýarlar" diýip, Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund hatynda belledi we Owganystanyň özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny, iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady.