Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýokary islege eýe boldy.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninden polipropilen, dürli kysymly başlangyç ýaglary satyn aldylar.
Daşarky bazarda Owganystanyň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda daşarky bazarda gabardin çig nah mata, portlandsement, buýan köküniniň gury ekstrakty, dokma önümleri, karbamid, kültem görnüşli pamyk, pagta süýümi, içerki we daşarky bazarlarda nah ýüplük, bugdaý uny ýerlenildi.







